Only the current version so far — new entries appear as the game ships updates.
Sözi tap - türkmen dilinde söz gözleg oýny. Harp toruna gizlenen sözleri tapyň: keseligine, dikligine we gyşarma boýunça - sekiz ugruň hemmesinde. 12 tema, her birinde 250 dereje - jemi 3000 tagta, 3×3-den 10×10-a çenli.
Oýun aňsat başlanýar we kem-kemden kynlaşýar: birinji derejede iki söz, soňkularynda sekiz söz, her onunjy dereje bolsa - kyn dereje. Ilki iň ýönekeý we tanyş sözler, soňra seýrek we gyzykly sözler. Her tapylan söz üçin XP, her oýnalan gün üçin yzygiderlik.
★ MÜMKINÇILIKLER
• 12 topics: haýwanlar, tebigat, nahar, maşgala we öý, kärler, şäher we syýahat, mekdep we ylym, sport, sungat we başgalar
• 3000 dereje – 3×3-den 10×10-a çenli, her onunjysy kyn dereje
• 900-e golaý söz, iň ýönekeýinden iň seýregine çenli
• Günüň synagy - her gün täze aýratyn tagta
• Gündelik sowgat we mugt maslahatlar
•Maslahat sozi harpma-harp açýar
• XP, oýunçynyň basgançagy we gündelik yzygiderlik
• Her theme boýunça statistika
• Gije tertibi, ses we titreme
• Türkmen harplary ä, ç, ž, ň, ö, ş, ü, ý — her biri bir öýjükde
★ INTERNETSIZ HEM IŞLEÝÄR
Ähli sözler we derejeler telefonyňyzda saklanýar. Ýolda, awtobusda, nobatda - internetsiz hem oýnaň. Öňegidişlik awtomatik ýatda saklanýar.
★ KIMLER ÜÇIN
• Söz oýunlaryny we krosswordlary halaýanlar üçin
• Çagalar we mekdep okuwçylary üçin - ýönekeý sözler, tanyş temalar
• Türkmen dilini öwrenýänler we söz baýlygyny artdyrjaklar üçin
• Tutuş maşgala üçin – bir telefonda gezekli-gezegine oýnaň
• Birnäçe minut rahat dynç almak we ünsi türgenleşdirmek üçin
★NADIP OÝNAMALY
1. Temany we derejäni açyň
2. Tagtanyň aşagyndaky sanawdan sözi torda tapyň
3. Barmagyňyzy birinji harpdan soňkusyna çenli süýşüriň
4. Sözler sekiz ugurda, şol sanda tersine hem gizlenýär
5. Kyn bolsa - maslahat alyň
6. Ähli sözleri tapyň we indiki derejä geçiň
Oýun mugt. Pikirleriňizi we teklipleriňizi programmadaky “Bize ýazyň” arkaly iberiň - täze sözler we temalar siziň teklipleriňiz boýunça goşulýar.